- çörek
- Undan hamyr ýugrulyp, tamdyrda bişirilen önüm, nan.∙ Meniň unum bugdaý uny, uly bişirdim çöregi! (Çary Aşyr, Poemalar)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.Meselem çörek - çöregi.◊ çöregi bitin — Howpdan sag-aman galan, howpdan halas bolan.∙ Hernä çöregiň bitin eken! -- diýip gülümsiredi. («Tokmak» žurnaly)∙ Doýduk eje, çöregiň bitin ekeni! (B. Kerbabaýew, Japbaklar)◊ hamyrly çörek — Hamyrmaýa goşulyp aldyrylan, hamyrdan ýüzi dürtülip bişirilen çörek.◊ petir çörek — Aldyrylmadyk hamyrdan ýüzi dürtülip bişirilýän çörek.∙ Ýanym bilen bir petir çörek göteripdim.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.